Joşgunly zähmetiň üstünligi

20 Awgust 2024
482

Tomus paslynyň öz hökümini ýöredýän şu günlerinde ak bazarlarymyzdaky ýokary hilli bakja önümleriniň bolçulygy köpleriň göwnüni göterýär. Şirin-şeker gawunlaryň bereket-bolçulygyny döretmekde daýhan hojalyklary-da özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle hojalyklaryň biri-de Tejen etrabyndaky «Miweli diýar» daýhan hojalygydyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhan hojalygynyň gawun ýetişdirilen 8 gektar meýdany berekedini bolluk bilen eçildi. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Anna Allaberdiýewiň gürrüň berşi ýaly, üstümizdäki ýylda ekerançylyk meýdanlarynda waharman, injir görnüşli gawunlar ýetişdirildi. Şu günler hasyly ýygnamak işi gyzgalaňly alnyp barylýar. Gündelik diýen ýaly terligi bilen ak bazarlarymyza ugradylýan gawunlara ilat arasynda isleg uly.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
öz habarçymyz.