Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde ýerleşýän «Sadaja» hususy kärhanasynda öndürilýän dürli görnüşli azyk önümleri sebitiň we beýleki etraplaryň iri söwda nokatlaryna, dükanlaryna ugradylýar. Önümçiligine täze tehnologiýalar, kämil enjamlar ornaşdyrylan kärhanada ýokary islegli konditer önümleriniň 20 görnüşi, dürli ululykdaky çörek we çörek önümleri öndürilýär.
Bu ýerde täze bölümiň işe girizilmegi bilen, ilatdan satyn alynýan süýt gaýtadan işlenilip, ondan gatyk, dorog, gaýmak hem mesge taýýarlamak işleri ýola goýuldy. Täze eýýamyň ýokary talaplaryna laýyklykda, netijeli iş alyp barýan kärhanada tejribeli işçileriň we ýaşlaryň 40-dan gowragy zähmet çekýär. Olaryň bişirýän kökeleri, süýji we konditer önümleri ilatyň bereketli saçaklarynyň bezegine öwrülýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň içerki bazaryny ýerli azyk we iýmit önümleri bilen üpjün etmäge uly goşant goşýan hususy kärhananyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, önümçiligiň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça guramaçylyk-tehnologik işler yzygiderli alnyp barylýar.