Ençeme müňýyllyklary öz goýnuna alýan gadymy taryhymyzyň şan-şöhratly sahypalaryna ser salanymyzda, Hazar deňzi örän irki döwürlerden bäri taryhçylaryň, syýahatçylaryň we täjirleriň ünsüni özüne çekip, deňziň üsti bilen ýurtlaryň arasynda parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Deňziň töwereginde ýerleşýän ýurtlardyr şäherler, obalar, olarda ýaşaýan ilatlar özara düşünişmek arkaly ýakyn aragatnaşyk saklapdyrlar. Hazar deňzi hemişe parahatçylykly ösüşe ymtylmak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky özboluşly belent köpri bolup hyzmat edip, Beýik Ýüpek ýolunyň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, Hazar deňziniň ýetmişden gowrak ady bolupdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işleriň çäklerinde Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, dostluk doganlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça täze söwda gatnaşyklaryny açmak barada ýerine ýetirilen ajaýyp işler hem bu gün döwrüň belentliklerine göterildi.