Müňýyllyklaryň müdimi ýaňy

1 Awgust 2024
567

Gündogaryň beýik söz ussady, akyldary hem danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dünýäde giňden dabaralandyrylýan ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp ylmy-populýar kitabyny halkymyza peşgeş bermeginiň aýratyn çuňňur manysy bar. Hormatly  Prezidentimiz bu kitabynda: «Ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň dünýäniň ykbaly bilen dahyllydygyna, oňa diňe oňyn tarapdan täsir edýändigine tüýs ýürekden ynanýaryn» diýip belleýär.

Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat köptaraply häsiýete eýe boldy. Onuň esasy maksady binagärlik, dizaýn we gurluşyk pudagynda taryhy tejribäni paýlaşmak hem-de täze tehnologiýalary öwrenmekde ylmyň ösmegine we ýaýramagyna goldaw bermek bolup durýar. Şeýle maslahaty geçirmek arkaly tejribe we gazanylan üstünlikler boýunça alyş-çalyş etmek maksady bilen, ylmy-amaly aragatnaşygy giňeltmek hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şol sanda beýleki ýokary okuw mekdepleriň ýaş alymlarynyň geňeşleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek göz öňünde tutuldy. Bu halkara forumda diňe bir ýokary okuw mekdebiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk pudagynda, senagat we gurluşyk materiallary önümçiliginde, ýol gurluşygynda, energetika senagatynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler giňden şöhlelendirildi.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.