Mizemez dostana gatnaşyklar

17 Iýul 2024
549

Medeniýet ynsanyýetiň taryhynda özara gatnaşyklardaky ruhy köpri bolup hyzmat edip gelipdir. Hakykatdan-da, bu hakyndaky ajaýyp maglumatlara taryhyň sahypalaryna göz gezdirenimizde hem görmek bolýar. Bu bolsa milletimiziň dünýä halklary bilen dostana gatnaşyklarynyň mizemezligini alamatlandyrýan ýagdaýdyr.

Bilşimiz ýaly, ýakynda Pekin şäheriniň Týan Szýao teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekilçilikli topary Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanýan milli gymmatlyklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Amaly-haşam sungatynyň, gadymy lybaslaryň, zergärçilik önümleriniň, dünýäde şöhrat gazanan türkmen halylarynyň nepisligi, özboluşlylygy sergä gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Bu gymmatlyklar ajaýyplygy, reňkleriniň we bezeg işleriniň sazlaşygy bilen halkymyzyň köptaraply zehinini alamatlandyrýar. Hususan-da, haly we haly önümleri, gadymy şaý-sepler, dürli görnüşdäki zergärçilik işleri, olaryň reňkiniň, bezeg daşlarynyň sazlaşygy, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şaý-sepleri dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».