Döwrümize ruhy joşgun ýaraşýar

17 Iýul 2024
632

Nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli uludan tutulýan toý-dabaralarda, ýerine ýetirilýän çykyşlarda döwrümiziň belent waspy, halkymyzyň ruhy galkynyşy aýdyň duýulýar. Şeýle joşgunly çykyşlar bilen ildeşlerimize ruhy lezzet paýlaýan döredijilik toparlarynyň biri-de welaýat medeniýet merkeziniň «Amul» folklor we tans toparydyr. Kämil döredijilik eserlerini yzygiderli halka hödürlemekde toparda alnyp barylýan işler dogrusynda welaýat medeniýet merkeziniň direktory, toparyň ýolbaşçysy Oguldöndi Altyýewa şeýle gürrüň berýär:

— Häzirki wagtda toparymyzda ýaş tansçy oglan-gyzlaryň 24-si bolup, olar joşgunly çykyşlary bilen toý döwrelerini bezeýärler. Medeniýete-sungata maýyl ýaşlaryň arasynda işlemek örän buýsançly. Biz höwesjeň oglan-gyzlaryň gatnaşmaklary bilen milli öwüşginli folklor çykyşlarynyň birnäçesini, şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünowyň ýerine ýetirýän «Ýar görner», «Küştdepdi», «Döneýin» ýaly halk aýdymlaryna sazlaşykly tanslary goýup, halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandyk. Ýeri gelende aýtsak, şeýle ajaýyp tans eserlerimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäheriniň 2024-nji ýylda «Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara hem gatnaşyp, halkymyzyň tans sungatynyň aýratynlyklaryny şöhlelendirdik. Şu günler golaýlaşyp gelýän şanly senelerimiz mynasybetli täze, naýbaşy eserleriň üstünde işleýäris. Ýerine ýetirilýän tanslary milli öwüşginler bilen bezemekde bolsa kompozitor, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Ýazmyrat Derýaýewiň hyzmaty uludyr. Ýene-de ýaş hünärmenlerden Nasiba Baýramowa we Annageldi Babaýew dagy folklor eserlerini täzeden işlemekde we olary milli öwüşgin bilen baýlaşdyrmakda aýratyn gaýratlylyk görkezýärler. Nesip bolsa, folklor eserlerinden parçalary, toý däp-dessurlarymyzy, milli ýörelgelerimizi özünde jemleýän tans we edebi aýdym-sazly kompozisiýa eserlerimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň şanyna halkymyza sowgat ederis.

Sahypany taýýarlan Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.