Oba hojalyk pudagynyň netijeli ösdürilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýadydyr

16 Iýul 2024
586

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň esasy maksady daýhanlaryň yhlasy bilen bol hasyl eçilýän türkmen topragynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden we pudagy has-da ösdürmekden ybaratdyr. Döredijilikli döwlet syýasaty ajaýyp zamananyň binýadyny goýdy. Onda pederlerimiziň wesýetleri, halkymyzyň milli däpleri häzirki zamanyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeler bugdaý ösdürip ýetişdirmekden başlap, ony gaýtadan işlemäge çenli ýurdumyzyň gallaçylarynyň ähli iş ugurlaryna öz oňyn täsirini ýetirýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ussat gallaçylary şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa habar berildi. Şeýle hem mejlisde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ajaýyp zähmet üstünligi döwlet Baştutanymyzyň oba zähmetkeşleri baradaky edýän hemmetaraplaýyn aladalarynyň, obasenagat toplumyny depginli ösdürmäge, onuň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga, düýpli özgertmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp baran her bir adamyň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzy edermen babadaýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylynyň ýygnalmagy bilen gutlady.

(TDH)