Günbatar Türkmenistanyň gaz senagatynyň düýni we şu güni

15 Iýul 2024
803

2011-nji ýylyň iýul aýynda Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmaklarynda Hazar deňziniň türkmen böleginden ilkinji tebigy gazyň alnyp başlanmagyna we Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherinde ýerleşýän gazy gaýtadan işleýän zawodyň işe girizilmegine bagyşlanan dabaralar bolupdy.

Türkmenistanda tebigy gazyň gorlarynyň uly möçberiniň barlygy kesgitlenen. XX asyryň ikinji ýarymynda Ojak, Naýyp, Kükürtli, Şatlyk gaz ýataklarynyň açylmagy täze gazly ýerleriň işe girizilmegine, Günbatar Türkmenistandaky nebitli ýerlerden çykýan ugurdaş gazy doly peýdalanmaga mümkinçilik berdi. 1966-njy ýylyň oktýabrynda Ojak käni tejribe-senagat ulanyşynyň düzümine girizildi, şol ýylyň noýabrynda tebigy gazyň ilkinji kub metrleri Buhara-Ural gaz geçirijisine iberilip başlandy. Şeýlelikde, ýurdumyzda gaz senagatynyň düýbi tutulyp taryha girdi we sene hökmünde kabul edildi.

Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.