Gowaçalar gülleýär

15 Iýul 2024
594

Ýerden iki gulak bolup çykan gowaçany ösdürip ýetişdiren daýhanyň bir-ä onuň ilkinji gülüne gözi düşende, birem ilkinji açylan ak hanany görende begenji gursagyna sygmaýar. Ine, şeýle şatlykly pursatlaryň birini eýýäm başyndan geçiren daýhanyň bu ýylyň hasylynyň bereketli boljakdygyna ynamy uly. Akly-gyzylly güllere beslenen gowaçanyň ýagdaýy onuň bol hasyl getirjekdigini buşlaýar. Muňa şu ýyl 974 gektar meýdana gowaçanyň «S-2606» sortuny eken Saýat etrabynyň «Çekiç» daýhan birleşiginiň gaýratly ekerançylary-da gowy düşünýärler.

Ýeri uzak möhletleýin kärendesine alan daýhanlar bu ugurdan görelde bolmagy-da başarýarlar. Azat Ýaňybaýew, Humar Hangeldiýewa ýaly tejribeli kärendeçiler hemişe özara pikir alşyp durýarlar. Olar gowaçalaryň hatararalaryny bejerýän mehanizatorlar bilen düşünişip, kultiwatoryň kadaly çuňlukda ýeri ýumşatmagyny gazanýarlar. Onsoň, mehanizator bilen daýhanyň yhlasy birleşip, ýerden göwün diýen hasylyňa garaşmaga şert döreýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).