Däp bolşy ýaly, 12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni giňden bellenildi. Bu senä bagyşlanan baý mazmunly çäreler alymlaryň tagallalaryny ylmyň möhüm we geljegi uly ugurlaryna gönükdirmekde, özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar instituty we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky esasy çäreleriň geçirilen ýeri boldy. 8-nji iýunda «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» ady bilen geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat türkmen alymlary bilen bir hatarda, 10-a golaý ýurtdan mugallymlary we ýaş alymlary bir ýere jemledi. Maslahatyň gün tertibine ylmy barlaglaryň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meseleleri girizildi. «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat hem utgaşykly görnüşde guralyp, onuň umumy mejlisiniň dowamynda çykyş edenler innowasion ykdysadyýetiň halk hojalyk toplumynyň ähli ykdysady işleriniň we pudaklarynyň hil taýdan üznüksiz täzelenip durmagyna özboluşly maýa goýmakdygyny bellediler. Ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri, amaly maksatlara gönükdirilen ylmy-barlag edaralary, oýlanyşykly pikirleriň, teklipleriň, düýpli taslamalaryň işlenip taýýarlanylýan senagat innowasion klasterleri we tehnologiýa merkezleri şeýle ykdysadyýetiň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar.