Ýaşlaryň ylmy üstünlikleri

12 Iýun 2024
870

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Bu bäsleşik geljegiň eýeleriniň arasyndan zehinli ýaşlary — alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam edip, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil hakdaky taýsyz aladasynyň esasynda bu abraýly ylmy bäsleşige ýaşlaryň gyzyklanmasy has-da artýar. Bäsleşige gatnaşyjy ýaşlar ynsanperwer ylymlary, himiki tehnologiýalar, molekulýar biologiýa, ýurdumyzyň ylmynda nanotehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet ýaly ileri tutulýan ugurlarda özleriniň taslamalaryny we ylmy barlaglaryny, innowasion işläp taýýarlamalaryny hödürlediler.

Beýzali ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň başlygynyň orunbasary.