Ösüşleriň özeni, bagtyň binýady

10 Iýun 2024
742

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, zähmetsöýer, milli ruhda terbiýelenen kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň: «Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydyr» diýen sözleri ata Watanymyzyň ösüşinde ýaşlaryň ornunyň we goşandynyň örän ýokarydygyny görkezýär.

Ylym islendik döwletiň ösüşiniň esasy sütüni bolup, bagtly geljege ýagtylyk saçýan ýoldur. Ýurdumyzda ylmyň täze gazananlary netijeli gözlegler bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda alymlarymyz dürli ugurlarda ylmy gözlegleri geçirip, dünýä ylmyna goşant goşýarlar.

Sülgün ÝOLLYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň mugallymy.