Gaz desgalaryny poslamadan goramakda ingibitorlary saýlap almagyň ugurlary

3 Iýun 2024
1035

Gaz enjamlaryny poslamadan goramagyň köpýyllyk tejribesi känleriň ygtybarly işlemegini üpjün edýän çäreleriň biri hökmünde ingibitorlary ulanmaklygyň ykdysady we tehnologik taýdan möhümligini görkezýär, ingibitoryň gorag netijeliligi onuň dogry saýlanylyşyna we ulanyş usulyna baglydyr.

Tebigy gaz gazylyp alnanda, onuň bilen çykýan ugurdaş turşy gazlaryň (H2S we СО2), gatlak suwlarynyň, organiki kislota garyndylarynyň we başgalaryň täsir etmeginde gymmat bahaly gaz önümçilik desgalarynyň enjamlarynyň poslama netijesinde ygtybarly, howpsuz işlemegine öz täsirini ýetirip durýar. Şol sebäpli hem ýerasty we ýerüsti gaz önümçilik enjamlaryny poslamadan goramaklyga toplumlaýyn çemeleşmelidir.

Jumaberdi SÜLEÝMANBERDIÝEW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň esasy inženeri.