Ýagşy adam ýatdan çykmaz

3 Iýun 2024
888

Ömrüni nebitgaz pudagyna bagyşlan halypalar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, «Nurmyrat Mawyýew hem ýatlanmaga mynasyp iş bitiren halypalaryň biridir» diýip, ony ýagşylykda ýatlaýarlar.

Arada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kataloglary gözden geçirip otyrkak, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory Nurmyrat Mawyýewiň bitiren işleri hakyndaky käbir maglumatlara gabat geldik. Onuň kandidatlyk we doktorlyk işlerinde ylmy ýolbaşçylary bolan halypalary — Moskwanyň I.M.Gubkin adyndaky nebitgaz institutynyň professor-mugallymlary Wladimir Knýazew, Pawel Florenskiý we beýleki kärdeşleri bilen bilelikde, şeýle hem ýekelikde ýazan birnäçe okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň sanawy bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Onuň Turan plitasynyň gatlaklary temasy bilen bagly dürli ýyllarda «TYA-nyň habarlary» (häzirki «Türkmenistanyň ylym we tehnika» žurnaly) neşirinde çap edilen ylmy makalalarynyň hem ençemesi bar. Şol maglumatlardan käbir mysallar: Knýazew hem Florenskiý bilen bilelikde ýazan Günorta Murgap çöketliginiň platforma örtük düşeginiň çökündileri barada SSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň dokladlary, 1974 ý.; «Türkmenistanyň platforma territoriýasynyň binýady (fundamenti) kartalarda we shemalarda», Aşgabat, 1978 ý.; Günorta Turan plitasynyň binýadynyň we aralyk toplumynyň weýranlaşma gatlaklary barada ÝOM-nyň habarlary, «Geologiýa we barlag» 1983 ý.; 1997-nji ýylda çap bolan «Standartlaşdyrmagyň we metrologiýanyň esasy düşünjeleri» atly okuw gollanmasy we başgalar. Biz onuň maşgala ojagyna ýörite söhbetdeşlige bardyk. Nurmyrat aga iki ýyl mundan öň — 2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda bakyýete göç eden eken. Onsoň onuň maşgalasy Sabyr daýza hem-de ogly Döwlet bilen gürrüňdeş bolduk.

Akgül SAPAROWA,
«Nebit-gaz».