Kombaýnlar möwsüme taýýar

29 Maý 2024
944

Şu ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we zaýasyz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi.

Oba hojalygynyň iň möhüm möwsümi bolan galla oragyna ýene sanlyja günler galdy. Bu günki gün altyn başly bugdaýly meýdanlar göreniň göwnüni göterýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamakda daýhanyň esasy daýanjy bolan, kombaýnlary möwsüme taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Ýakynda şu mesele bilen gyzyklanyp, Kerki etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda bolduk. Bu ýerde bar bolan kombaýnlaryň 22-si hem oraga birkemsiz taýýarlanylypdyr. Olaryň 20-si «John Deere W540», 2 sanysy hem «Сlaas TUСANO 430» kysymly kombaýnlar. Kuwwatly tehnikalar Daýanç Kulyýew, Perman Döwletow, Hudaýnazar Rejebow, Baýram Hoşşyýew ýaly köp ýyllyk iş tejribesi bolan ussat mehanizatorlara ynanylypdyr. Olar ýylyň-ýylyna galla oragyna gatnaşyp, yhlasly zähmet çekýärler.

Ödegeldi KULYÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren awtor.