Innowasion sanly ykdysadyýetde emeli aň

27 Maý 2024
948

Häzirki ylym we sanly tehnologiýalar eýýamynda Türkmenistanda innowasiýalara, ylmy çemeleşmelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen konsepsiýany we işlenip taýýarlanylan meýilnamany üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de maglumat tehnologiýalar babatynda ösdürmek, ykdysady ulgamyny sanlylaşdyrmak we döwrebap innowasiýalary, sanly maglumat tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Tehnologiýalaryň barha kämilleşýän döwründe dünýä ýüzünde adamzat durmuşyna iň soňky tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy ertirki günümizde has ýeňillikli durmuşda ýaşamaga mümkinçilikleri döredýär.

Ýeri gelende bellesek, ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň «Halkara okuw sapary» atly maksatnamasy bilen «Halkara ösüş baradaky agentliginiň», «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasy tarapyndan, «Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar» atly okuw sapary gurnaldy. Bu okuw saparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleri, mugallymlary we magistrleri taýýarlamak okuwynyň talyplary hem gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň dostlukly ýurda nobatdaky saparynyň çäklerinde geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda bilelikdäki işde gazanylan üstünliklere syn berip, sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak, sanly we kiberhowpsuzlyk we emeli aňy ösdürmek hem-de ýokarlandyrmak üçin işewür hyzmatdaşlygy goldaýandyklaryny tassyklap, bilim edaralary bilen hususy kärhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinmek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigini, iki tarapyň hem gatnaşyklary has-da ilerletmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler.

Begenç ANNAMEDOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmeni.