Arşda laçyna deň, ýerde — jerene

23 Aprel 2024
1177

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Çyn bedewler meýdanynda bellidir» diýip, waspyny ýetiren ahalteke bedewleri bu günki günde aýlawlary baglaýar. Halkymyz: «Gapyňda at dursa, toý küýsärmiş» diýýändir. Bedew barada gürrüň gozgalanda uzaklardan «Meniň dostum Meleguş» atly kinofilmiň sazy eşidilýän ýaly bolýar. Şonda şol owaza goşulyp, «Meleguşum, Meleguş, // Ýetdirme sen ýele guş» diýip, aýdyma hiňleneniňi duýman galarsyň. Üstünden ençeme ýyllar geçse-de, bu film köpimize tanyşdyr. Çünki bu kino eserinde türkmen bedewiniň gaýduwsyzlygy, duýgurlygy, wepalylygy, ýyndamlygy örboýuna galýar.

Ýörände seýkin basýan, gyz gylykly, çapanda ýel bilen bäsleşip, ýerläp uçýan bedewler hakynda dörän «Aty baryň ganaty bar», «At rysgaly alnynda», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly birnäçe nakyllaryň hem halkymyzyň owal-ahyr bedewler bilen ykbalyny baglandygyna güwä geçýär. Şonuň üçin hem bu günki gün
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bedewlerimiziň at-owazasy älem-jahana ýaýylýar.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
žurnalist.