Ylmyň belent sepgitleri

11 Aprel 2024
915

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 22-nji fewralynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylmaly işler, ýerine ýetirilmeli çäreler, öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Maksatnamada ykdysady, maliýe, durmuş, önümçilik we beýleki wezipeler bilen bir hatarda, ylmy barlaglaryň depginini ýokarlandyrmak, «emeli aňy» düýpli we netijeli öwrenmek, ylym, önümçilik babatda işewürligiň hem-de täjirçiligiň täze usullaryny döretmek, ösdürmek, bu ugurda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak ýaly degişli wezipeler kesgitlenilendir.

Türkmenistan döwletimiz aragatnaşyk-maglumat tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna täzeçil tehnologiýalary çekmegiň işjeň tarapdarydyr. Munuň şeýledigini Arkadag şäheriniň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginde görmek bolýar. Bina edilýän desgalarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we dünýäniň iň gowy tejribesiniň işjeň ulanylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi. Arkadag şäherinde ilata edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokary halkara ülňülere laýyk getirilmegine, sazlaşykly işlemegine, sanly ulgamlaryň we täzeçil usullaryň hem-de halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna, ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Şäheriň «akylly» öý ulgamynda buýruk arkaly hojalyk tehnikalaryny işe girizmek, yşyklandyryş, howa temperaturasyny we çyglylygy awtomatik usulda kadalaşdyrmak ýola goýlandyr. Munuň özi innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly durmuş pudagynyň sanlylaşdyrylmagynyň adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna mümkinçilik berýändigini görkezýär.

Babamyrat SEÝFULLAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.