Islendik halk beýik şahsyýetleri bilen tanalýar. Bu babatda aýdylanda, halkymyzyň beýik Magtymgulusy bar. Pyragynyň pähim-parasada ýugrulan şygyrlary aýdyma öwrülip, asyrlar aşypdyr. Olar dilden-dile geçip, doganlyk halklaryň aýdymçylary tarapyndan hem aýdylyp dünýä aýlanýar. Halkara derejesinde geçirilýän dabaralarda doganlyk döwletleriň wekilleriniň Magtymguly atamyz barada aýdýan ajaýyp sözleri, şahyryň goşgularyna goýulýan gadyr-gymmat halkymyza goýulýan hormat bolup, kalplara dolýar. Pent-sargytlaryny halkymyza miras goýan dana şahyrymyzyň:
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze — hiç, bilenlere — nyrhy köp —