Beýik akyldaryň edebi mekdebi

22 Mart 2024
722

Ýurdumyzyň çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, dürli baýramçylyk çäreleri, okuw-usuly, ylmy-amaly maslahatlar, dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli ylmy makalalar ýygyndylary çap edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebi-filosofik mirasy dünýä gymmatlyklarynyň hataryna goşulan Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmak, şeýle-de, söz ussadynyň şanly toýuny dabaralandyrmak boýunça ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda-da uly işler alnyp barylýar.

Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebi özünden soňky çeper aňa düýpli täsir etdi. Bu täsir iki jähetden, birinjiden, edebi-çeperçilik babatda, ikinjisi, Magtymguly Pyragynyň özüne bagyşlap, şygyrlary döretmek babatda ýüze çykdy. XIX asyrda Mollanepes, Kemine, Seýdi, Mätäji, Zynhary ýaly nusgawy şahyrlar Magtymgulynyň şygyrlaryny tematikasy boýunça her haýsy bir ugry ösdürip, ol ugry ýokary derejä çykaran bolsa, XX asyr türkmen edebiýatynda dana şahyryň mekdebiniň edebi-çeperçilik täsirleri bilen bir hatarda, akyldara bagyşlap, goşgular döredildi, hekaýalar, powestler, romanlar ýazyldy. XX asyryň görnükli wekilleri B.Kerbabaýew, G.Kulyýew, G.Gurbansähedow, N.Saryhanow, G.Seýitliýew, I.Nuryýew we başga-da birnäçe ýazyjy-şahyrlar Magtymguly Pyragynyň liriki hem epiki keşbini döretdiler. Bu däp Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatynda-da dowam etdi. A.Atabaýew, N.Rejebow, G.Şagulyýewa, O.Annaýew, D.Annamyradow we beýlekiler Magtymguly Pyragynyň liriki portretiniň galereýasyny baýlaşdyrdylar. Diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem Magtymgulynyň döredijiliginiň täsiri uly.

Şöhratgözel AMANSÄHEDOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Mary şäher geňeşiniň başlygy.