Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň içinde «Döwletalynyň» atly goşgusy halkymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmek babatda aýratyn orna eýedir. Bu şygra düşünmek üçin milli taryhymyzy içgin bilmelidiris. Ondaky maglumatlary taryhy nukdaýnazardan seljerip, goşguda Osmanly türkmen döwletiniň (1299 — 1922) beýan edilýändigini anyk aýdyp bileris. Elbetde, Magtymguly Pyragynyň bu döwleti wasp etmegi bizi geň galdyrmaly däldir. Sebäbi akyldaryň ýaşan döwründe Osmanly türkmen döwleti Anadolyda, Ýewropada, Demirgazyk Afrikada we Kawkazda höküm sürýärdi. Alty asyrdan gowrak höküm sürüp, ady dünýä dolan döwletiň namynyň Etrek-Gürgen sebitlerine-de ýetendigi ikuçsuzdyr.
Osmanly türkmen döwletiniň resmi atlaryndan biri «Döwleti Aly» bolupdyr. Çünki osmanlylar öz döwletlerine «Döwleti A:lyýýei Osmanyýýa», «Döwleti A:lyýýe» diýipdirler. Bu at gysgaldylan «Döwleti A:ly» görnüşinde-de giňden ulanylypdyr. Türk alymy Ferit Dewellioglunyň «Osmanlyja — türkçe» ensiklopedik sözlüginde «A:ly» sözi «beýik» diýlip terjime edilýär, ýagny Magtymguly Pyragynyň «Döwletalynyň» şygrynyň ady gönüden-göni «Beýik döwlet», ýagny «Osmanly döwleti» manysyny berýändir.