Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine

21 Fewral 2024
1367

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ak şäherimiziň ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde gök zolaklar döredilýär, gülleriň dürli görnüşleri ekilýär.

Ilatyň şu günki we geljekki durmuşynyň sagdynlygynyň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak üçin onuň serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ugrundaky ekologiýa çäreleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Täze gurulýan kärhanalar, durky täzelenýän desgalar daşky gurşawa, adamyň saglygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almaga ukyply, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Taýýarlanýan azyk önümleri halkara hil we ekologiýa, howpsuzlyk, netijelilik güwänamalaryna eýe bolýar. Bu bolsa paýtagtymyzyň ähli görkezijiler boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini äşgär edýär. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidir. Paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde, aýratyn-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda şäheriň çäkleriniň tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň binagärlik toplumlary biri-biri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Şäher gurşawynyň ekologiýa derejesine, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna we seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzda hereket edýän dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde hem raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almaklary üçin ähli şertler döredilen. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň durmuşynda bitirilýän beýik işler mähriban halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.