Döwletmämmet Azady we Magtymguly Pyragy

19 Fewral 2024
703

Magtymguly Pyragynyň kämil şahsyýet, söz ussady hökmünde tanalmagynda nusgawy edebiýatymyzyň düýbüni tutan şahsyýetleriň biri Döwletmämmet Azadynyň hyzmaty uludyr. Bu hakda dürli ýyllarda alymlar D.Nuralyýew, N.Gullaýew, M.Annamuhammedow, A.Bekmyradow, şeýle hem Magtymgulynyň mirasyny öwrenijiler A.Şyhnepesow, R.Godarow, A.Şagulyýew, G.Gummanowa ylmy makalalarynda aýratyn ýatlap geçdiler.

Atasynyň ylym-bilim eýesi bolmagy Magtymgulynyň her bir meselede ondan görelde almagyna itergi beripdir. Şygryýet äleminde ýagşy taplanan Pyragy pederiniň eserlerinde ündeýän pikirlerini öz döredijiliginde dowam etdiripdir.

Hydyrguly GYLYÇHANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.