Akyldaryň hormatyna

14 Fewral 2024
879

Golaýda Dänew şäherindäki merkezi kitaphanada «Doldy adyň giň jahana Pyragy» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, medeniýet we sungat işgärleri hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler dünýä jemgyýetçiligini Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasy bilen ýakyndan tanyşdyrmaga, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini buýsanç bilen bellediler.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nesilleriň ýüreginde baky orun alan agzybirlik baradaky goşgulary okaldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmegi bu ýere ýygnananlarda ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle-de bu ýerde guralan sergi dabaraly maslahata aýratyn öwüşgin berdi. Maslahata gatnaşanlar medeniýetimizi dünýä ýaýmakda, geljek nesillere ýetirmekde alyp barýan beýik işleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Serdar RAHMATULLAÝEW,
TDP-niň Dänew etrap komitetiniň bölüm müdiri.