Demir ýol ulaglary pudagynda halkara derejeli duşuşyk geçirildi

31 Ýanwar 2024
515

Düýn Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginde  Russiýa Federasiýasynyň “РЖД” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekiliýeti bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünärmenleriniň halkara derejesindäki duşuşygy boldy. Duşuşykda iki döwletiň arasynda halkara ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmek şol sanda, demirgazyk-günorta ugry boýunça ýük gatnatmalaryny ösdürmek barada derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy:

- ikitaraplaýyn ylalaşylan taslamalar tapgyrlaýyn işe girizmek şol sanda: Gyzylarbat şäherinde ýerleşýän “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Wagon abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmak, Aşgabat-Arkadag şäherleriniň arasynda elektrikleşdirilen demir ýoluny gurmak we bu aralykda ýolagçy-ekspress otlusyny ýola goýmak, logistika ulgamyny ösdürmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, Russiýa Federasiýasynyň “РЖД” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanda açylan wekilhanasy we türkmen demirýolçularyny “РЖД”-niň Demir ýol uniwersitetinde okatmak ýaly meseleleriň üstünde durlup geçildi.