Pyragynyň hormatyna

15 Ýanwar 2024
604

Golaýda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşi bilen bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 39-njy orta mekdebiň kitaphanasynda «Berkarar döwleti arzuwlan akyldar» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa orta mekdepleriň okuwçylary, mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri gatnaşdy.

Bu ýerde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara, zähmet ýeňişlerine, ylmyň, bilimiň ösüşine baý ýyl boljakdygyny bellediler. Şeýle hem üstümizdäki ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde uludan belleniljekdigini, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasynyň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini buýsanç bilen nygtadylar. Maslahatda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan bentler labyzly okaldy.

Ogulaý HOJAMURADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşiniň hünärmeni.