Ýokary hil — esasy görkeziji

24 Noýabr 2023
1518

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Amantaý» haryt nyşanly önüm öndürýän tikinçilik bölüminde çagalar hem-de uly ýaşlylar üçin iň täze biçüwdäki egin-eşikleriň täze görnüşi bölek satuwa çykaryldy. Güýz-gyş aýlaryna niýetlenip, aýratyn bezegler bilen taýýarlanan bu önümler uly isleg bildirilip satyn alynýar. Bölümde daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tikin önümleriniň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär.

Bazar gatnaşyklarynyň barha ýygjamlaşýan döwründe işleriň täzeçe guralmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, işgärleriň döredijilikli işlemekleri üçin oňaýly şertleriň döredilmegi önümçiligi ýokarlandyrmaga, uly islegli önümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bölümde öndürilýän önümleriň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Şonuň üçin-de, her bir tikin önüminiň hil derejesine aýratyn üns berilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dowamynda tikinçilik bölümi boýunça sebitiň çägindäki senagat, gurluşyk kärhanalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralarynyň buýurmalary esasynda taýýarlanan tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Allanur SAPAROW.