«Akylly» şäheriň gurluşygyna goşant

21 Iýul 2023
1598

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň taýýarlan taslama işleri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna bagyşlanan bäsleşikde üçünji orna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen bäsleşik Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutlary tarapyndan geçirildi.

Bäsleşigiň çäklerinde eminler Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň, hususan-da, onuň medeni-dynç alyş toplumynyň gurluşygy üçin programmalaşdyrmak we inženerçilik ulgamyndaky teklip-taslamalara garadylar hem-de olara baha berdiler. Bäsleşik «Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň medeni-dynç alyş toplumynyň gurluşygy üçin teklipler» diýlip atlandyryldy.

Näzik KADYROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.