Magtymguly — agzybirligiň şahyry

26 Iýun 2023
1625

Düýn paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi bilen gabat gelmegi ýurdumyzda toýdur baýramlaryň goşa-goşadan tutulýandygynyň subutnamasy boldy. Halkara ylmy maslahata dünýäniň dürli ýerlerinde türkmen taryhyny, medeniýetini edebiýatyny öwrenýän alymlaryň birnäçesi gatnaşdy. Dynç güni myhmanlar türkmen sährasyny ýada salýan, hatar guran kerwenleri janlandyrýan «Garagum» myhmanhanasynda ýerleşenlerinden soň, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine gezelenç etdiler. Olar ilki ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynda orun alan gadymy Nusaý galasyna aýlandylar. Şondan soň, myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýindäki, Türkmen halysynyň milli muzeýindäki gymmatlyklarymyz bilen tanyşdylar. Myhmanlaryň «Aşgabat» kinokonsert merkezinde Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoluny, ruhy dünýäsini janlandyrýan «Istärin» atly kinofilme tomaşa etmekleri has-da täsirli boldy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabaraly açylyşy boldy. Soňra «Pyragy hem Arkadag — köňüllere şamçyrag» diýen at bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, «Magtymguly Pyragy we onuň zamanasy» diýen at bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, «Magtymguly we Gündogar edebiýaty» diýen at bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, «Magtymgulynyň şygryýet älemi» diýen at bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynda, «Magtymgulynyň döredijiliginde ynsanperwerlik» diýen at bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dowam etdirildi.

Ýazga geçiren Maksat MEREDOW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.