Ýurduň kuwwatly güýji

24 Iýun 2023
1572

Ylym we bilim islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşiniň binýady, möhüm şerti bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklarynda dünýä ylmynyň gazananlarynyň we tejribesiniň giňden peýdalanylmagyna, düýpli, tejribe ähmiýetli ylmy barlaglaryň netijeleriniň önümçilige tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amal edilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ylym-bilim edaralaryna, ýokary we orta okuw mekdeplerine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Internetiň üsti bilen dünýäniň ylmy binýadyna elýeterli tehnologiýalar, elektron kitaphanalary döredilýär. Bu şertler türkmen ýaşlaryny ylym ulgamyndaky täze açyşlara ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Ylym ýaşlaryň özlerine, şu gününe we geljegine bolan ynamyny ösdürýär. Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýýär.

Merjen ATAÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.