Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda beýleki ulgamlar bilen birlikde ylym, bilim pudagynda hem sanly ulgama geçmek bilen, innowasion ösüşleriň esasynda, ýagny interaktiw, multimedia, onlaýn we beýleki elektron hyzmatlardan peýdalanmak arkaly amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijesini berýär. Şeýle özgertmeleriň esasyny bolsa ylym, bilim düzýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr» diýip belleýär. Munuň özi, ähli ösüşleriň özeniniň ylym öwrenmek, bilim almak bilen baglydygyny aňladýar.
Bilşimiz ýaly, alymlar, şahyrlar, dana kişiler hem ylym öwrenmegi hemişe ündäpdirler, nesihat edipdirler. Hususan-da, şahyrlar öz döredijiliklerinde ýaş nesli terbiýelemekde edep-öwüt meselesine aýratyn üns beripdirler. Bu ýagdaýy geçmişde ýaşap geçen türkmen nusgawy şahyrlaryň şygyrlarynda hem görmek bolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: