16-njy iýunda Arkadag şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan dürli önümleriň sergisini synlady. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde işlenip taýýarlanylan önümler hem bar. Tehnologiýalar merkezinde döwlet maksatnamalary esasynda, ylmy-barlag işleriniň netijelerine laýyklykda, 11 ugur boýunça açyşlar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna gönükdirildi. Merkeziň barlaghanalarynda işlenip taýýarlanylan önümler we ylmy açyşlaryň netijeleri boýunça birnäçe patentler alyndy. Döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanşyp, ýurdumyzda bar bolan çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň, dermanlyk serişdeleriň işjeň ulanylmagy, bu ugra degişli önümçiligiň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda-da uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda alym Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeleri nazara alnyp bina edilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Dokuz ýyl bäri bu merkez bäsdeşlige ukyply hem-de ýurdumyzyň ylym we tehnika babatda ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary tehnologik çözgütleri işläp taýýarlamak hem-de dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Tehnologiýalar merkezi — bu köpugurly ylmy-barlag we ylmy-tehnologik edara bolmak bilen, bäsdeşlige ukyply, maddy we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary we innowasiýalary işläp taýýarlamak, önümçilige ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen ylmy ulgamda özara gatnaşyklary berkitmek meseleleri bilen meşgullanýar.