Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz» DK-nyň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Tehnologiýalar merkeziniň alymlary, hünärmenleri, şeýle-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary Rahmetnur Aýmämmedow öz çykyşynda nebitgaz pudagyny dünýä derejesinde ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün etmek, bu ugurda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak ýaly wezipeleriň buýsandyryjy netijelere eýe bolýandygyny belledi.