Ylym — kämilligiň gözbaşy, ýaşaýşyň şuglasy. Ylymlar dünýäsine aralaşmak bilen ynsan öz durmuşyny gurýar. Ylym almak bilen ähli barlyga göz ýetirýäň. Geçmiş taryhymyzda ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyrlar. Nesilleriniň bilim başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin çagalaryna sowat öwredipdirler.
Ata-babalarymyz «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak» ýaly nakyllaryň üsti bilen ýaşlara öwüt-nesihat edipdirler. Munuň özi her bir ýaş nesliň ylma çuňňur akyl ýetirmegine hemaýat berýär.