Türkmen halkynyň edebi mirasy umman ýaly giňdir. Taryhda ýaşap geçen ady belli söz ussatlarymyzyň döredijiligi durmuşyň ähli meseleleri bilen baglanyşykly pikirlere örän baýdyr. Şeýle söz ussatlarynyň biri hem Muhammet Gazalydyr. Onuň «Ylym barada kitap» atly eserini bilmeýän okyjy seýrek bolsa gerek. Bu kitapda, adyndan görnüşi ýaly, esasan hem ylym-bilim hakynda söz açylyp, her bir alymyň oňa hemmetaraplaýyn ykjam çemeleşmelidigi nygtalýar. Eserde ylmyň ynsanyň ruhy dünýäsine täsir edip, adamyň ahlakly, edep-terbiýeli bolmaklygyny gazandyrýandygy ýaly garaýyşlara giň orun berlipdir. Bu babatda Gazaly şeýle ýazýar: «Ylym adamlaryň ruhlaryny ýaramaz hem heläk ediji ahlaklardan halas edip, dürs terbiýelemäge, olary halanylýan we bagtyýarlyga ýetiriji ahlaklara ugrukdyrmaga gönükdirilendir». Şeýle-de akyldar akyl we dil ylymlarynyň aratapawudyny aýyl-saýyl edip, akyl ylmyny ýokarda goýýar. Ol akyla parasat bilen, dil ylmyna bolsa diňlemek arkaly ýetip bolýar diýen düşünjä gulluk edýär.
Muhammet Gazaly ynsanyň bu dünýede amala aşyryp biläýjek iň uly işi ylym öwrenmekdir diýen pikire doly uýýar. Şunlukda, Gazaly öwrenmek, akyl ýetirmek, irginsiz ylmy gözlegler ynsany ahyrsoňunda ylma düşünip başlamagyna getirip, başgalara köp sanly sowallar bermekden halas edýändigini düşündirýär. Şeýle-de, söz ussady öwrenen zadyny amal eden we başgalara öwreden kişiniň beýik şahsyýet diýip hasap edilýändigini berk belleýär.