"Zaman-Türkmenistan"

Esaslandyryjysy: "Zaman-Türkmenistan" Hojalyk jemgyýeti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Gündogar köçesi, 10 A
Telefon belgileri: 28-14-05

Habarlar

Zehin zehinden zyýada

12-nji iýun — Ylymlar gününde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda her ýylda geçirilýän ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Biz hem ýeňiji bolan ýaşlara söz berýäris. Guwançmyrat AMANGELDIÝEW,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy:

Üstünligiň çakylygy

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz aladalary netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýän Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mertebesi Arşa göterilýär. Bu şanly sene mynasybetli söz ussadymyza bagyşlanan täze röwüşde sahna eserleridir çeper filmler döredilýär. Şolaryň biri-de Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Istärin» atly çeper filmdir. Biziň söhbetdeşimiz hem bu filmde Magtymguly Pyragynyň ýaşlykdaky keşbini janlandyran Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Mekan Kurdow.

Inçe sungatyň ägirdi

Islendik halkyň medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ösüşi belli-belli şahsyýetleriň atlary bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen aýdym-saz sungaty barada gürrüň açylanda, Mahmyt Aryk, Peýda tüýdükçi, Annaguly Sary, Agajan tüýdükçi, Soltan tüýdükçi, Ýazmuhammet Köse ýaly ussat tüýdükçileriň atlary hem ýatlanylýar. Ajaýyp sazlary bilen halkymyzyň kalbynda orun alan ussatlaryň biri-de tüýdükçi Baky Maşakowdyr. Ýodalar ýola goşulyp, sungat dowam edýär. Gargy tüýdügiň agrasdan gelen mylaýym, süýji owazy bilen ýyllaryň dowamynda türkmen sährasynyň görküne görk goşup gelen halypa sazanda Ýazmuhammet Köse-de pederleriň ýoluna ygrarlydygyny subut edip, geljekde adyny türkmen saz sungatynyň taryhyna hemişelik ýazjak şägirdini Baky Maşakowy ýetişdirýär.

Koreý toý dessurlary

Koreý milli toý dessurlary XIV asyrda — Çoson eýýamynda durmuşa ornaşdyrylan düzgünlerden gözbaş alýar. Ol döwürler durmuşyň ähli ulgamlary kanun tarapyndan düzgünleşdirilipdir. Gudaçylyk dessurynyň — çençi dabarasynyň geçiriljek güni sawçylyga, adatça oglanyň kakasy, daýylary dürli naz-nygmatlary, gymmatbaha sowgatlary alyp barýarlar. Çençi dabarasynda sähet alynýar, toýa geljek myhmanlaryň sany, çykdajy meseleleri maslahatlaşylýar. Toýuň başlangyjy saýylýan bu dabaradan soň ýaşlar är-aýal hasaplanylýar. Muňa garamazdan, öňler taýýarlygy bir ýyla golaý dowam edip bilýän nika toýuna çenli ýaşlar birek-biregi görmändirler.

Ýaş nesliň kämilligi täze ösüşlere badalga

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly uly üstünliklere beslenýär. Bu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bütin dünýäde uludan bellenilýär. Halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem täze-täze sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet derejesine ýetirildi. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesiller we nesil terbiýesi, olaryň sazlaşykly ösüşi hem-de saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, şeýle hem saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, olaryň yzygiderli sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Bu babatda ýakynda gelip gowşan ýene-de bir hoş habar bilim işgärlerinde uly buýsanç döretdi. Türkmeni

Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligine barýar

Türkmenistan Watanymyzda ýylyň ýylyna giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen baglanyşykly medeniýet hepdeligi örän uly ähmiýete eýedir. Halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesini we medeni gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýan bu baýramçylygyň 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde geçirilmegi bolsa, kalbymyzda aýratyn buýsanç duýgusyny, belent ylham-joşguny döretdi.

Medeniýet toplumynyň binasy

Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumynyň binasy şäher häkimliginiň çep ganatynda ýerleşýär. Bäş gatdan ybarat bolan binanyň birinji gatynda «Arkadag» teleýaýlymy, ikinji gatynda «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy, üçünji gatynda Arkadag şäheriniň Bilim müdirligi, dördünji we bäşinji gatlarynda bolsa Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi ýerleşýär. Binanyň iş otaglary netijeli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri özünde jemleýär.Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döredijilik toparlaryny we birleşiklerini goldamak, kämilleşdirmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň medeni-taryhy mirasyny goramak we kämilleşdirmek, ilatyň medeniýetli dynç alşyny guramak we medeni derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet ähmiýetli işleriniň aýdyň beýanydyr.

Medeniýet hepdeligine

Çuwal bagşy barada Aýtmaklaryna görä, Çuwal bagşy halk arasynda meşhurlyk gazanan döwürlerinde ony idäp gelýänleriň yzy üzülmeýän eken. Onuň öýüne hepdeläp, hatda bir aýlap gelmeýän wagtlaram seýrek bolmandyr. Onuň aýdym-sazyna, dessan aýdyşyna halk mynasyp baha beripdir. Toýlarda bagşa pul tutmak, mal bermek däbe öwrülipdir. Şol ýagdaýlarda her adam öz mümkinçiligine görä, pul, goýun-geçi, bugdaý, don ýaly baýraklar eçilipdir. Käbir toýlarda bagşa gaty köp mukdarda pul, däne düşýän ekeni. Şeýle halatda bagşy toýda düşen zatlary öz obasynyň adamlaryna bagyşlaýan eken. Bir toýdan çykyp, beýleki bir toýa gitmeli bolanda, Çuwal bagşy toýda düşen zatlary, köplenç, şol obanyň, güzerany pes hojalyklaryna paýlap gaýdýan eken. Bir gezek Ýylanlynyň (häzirki Akdepe etraby) çeträkde ýerleşýän obalarynyň birinde bir barly adam uludan toý tutupdyr. Toýuň bagşysy hem Çuwal bagşy ekeni. Uludan tutulan toýa Daşoguzyň ähli künjeginden, Ahal, Mary illerinden hem myhmanlar gelipdir. Şonda Magtymguly Garly ilki tirme aýdymlary aýdypdyr. Soňra «Görogly» şadessanyndan dessan aýdypdyr. Gün batyberende başlanan aýdym-sazyň sesi daň atyp, jahan ýagtylyp başlaýança dowam edipdir. Şol toýda bagşa gaty köp baýrak eçilipdirler. Iň geň galdyrýan ýeri, şol obada ýaşaýan bir pukara hem özüniň agylynda bar bolan ýekeje geçisini bagşa baýrak hökmünde berip, bagşydan bir aýdymy gaýtadan aýdyp berm

Tomaşaly toýlaryň buşlukçysy

Türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz böleginiň biri kakylyp çalynýan saz gurallarydyr. Olar öz taryhyny örän irki döwürlerden alyp gaýtmak bilen, adamzat tarapyndan döredilen ilkinji saz gurallarynyň biridir. Milli aýdym-saz gurallarynyň iň naýbaşysy deprek hasaplanylýar. Deprek ähli ýerde özüniň belent depginli we joşgunly sesi bilen toýlaryň şowhunyny artdyrýar. Ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerinde hem ýaş nesle deprek çalmak öwredilýär. Ýaş deprekçilerden düzülen toparlar bolsa ýurdumyzyň toýdur baýramlaryny döredijilikli çykyşlary bilen bezeýärler. Welaýat çagalar sungat mekdebiniň «Joşgun» deprekçiler topary hem ýakymly owazlary bilen baýramçylyk çäreleriniň täsirini has-da artdyrýar. 2007-nji ýylda döredilen topara mekdebiň deprek hünäriniň mugallymy Narmämmet Kazakow ýolbaşçylyk edýär. Ol bu kärde indi 25 ýyla golaý wagt bäri zähmet çekip gelýär. N.Kazakowyň ýolbaşçylyk edýän deprekçiler topary 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Goşa taryň owazyndan bagşylar joşa geldi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen bagşy-sazandalar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine söz berýäris

Nurberdi Gulow, welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy:

Medeniýet halkyň kalbydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda goşalanyp bellenýän seneleriň biri-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Her ýylyň 27-nji iýunynda giňden dabaralandyrylýan bu ajaýyp senä gabatlanyp Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, üstümizdäki şanly ýylda Medeniýet hepdeligi ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçiriler. Hormatly Prezidentimiz 31-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisiniň barşynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap Arkadag şäherinde boljak Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmek, şol döwürde beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere aýratyn ähmiýet bermek bilen bagly aýdanlary ählimizde guwanç-buýsanç duýgularyny döretdi. Elbetde, bu zatlar milli medeniýetimize, sungatymyza berilýän ünsüň, beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek babatynda edilýän aladalaryň özboluşly dabaralanmasydyr.

Kämilligiň şahyry

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi kämil pikir-garaýyşlarynyň, edebi mirasynyň, gymmatly pelsepeleriniň adamzat gymmatlygyna öwrülip, nesilden-nesle, dilden-dile geçip, müdimi ýaşaýandygyna şaýatlyk edýär. Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän ýyly bolan 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň öz şahyryna belent sarpasyndan, hormatyndan nyşandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda akyldar şahyryň döredijiliginiň nesiller üçin gymmaty teswirlenip, şygyrlaryndaky çuňňur pelsepewi garaýyşlar, durmuşyň many-mazmuny baradaky pikirleri hakda söz açylýar. Şahyryň edebi mirasy umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant hökmünde ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi şahyryň döredijiliginiň umumadazat gymmatlygy hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bütin barlyga, tutuş adamzada söýgä, ynsanperwerlige, halal durmuşa çagyryş bolup ýaňlanýar. Şahyr öz şygyrlarynda adamlary döredijilige, durmuşda özüňden ýagşy at-abraý, ýagşy yz goýmaga çagyrýar, şonuň üçin onuň

Meşhurlyk getiren aýdym

Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen, her kime öz pikirini, döreden zadyny, gazanan üstünligini dünýä halklaryna ýaýmak, ýetirmek mümkin boldy. Ukyp-başarnygyny köpçülige görkezmek, özüni dünýäde meşhur etmek isleýän her bir adam wideo ýa-da ses ýazgysyny, taýýarlan şekilli aýdymlaryny internet arkaly tomaşaçylara ýetirip, birnäçe wagtyň içinde şöhrat gazanýar. Ýöne munuň üçin köpçüligiň göwnünden turjak, her kimiň halajak, peýda getirjek maglumaty taýýarlap, internete bermek esasy şertleriň biridir. Koreýaly aýdymçy Pak Çe Sana öz döredijiligi bilen dünýä meşhur bolmak başartdy. Ýagny onuň «Gangnam style» atly şekilli aýdymy internete ýüklenen gününden bäri dünýäde iň meşhur aýdym hasaplanýar. Bu şekilli aýdym 2012-nji ýylda internetiň «YouTube» ýaýlymynda halk köpçüligine ýetirildi. Görkezilişiniň ilkinji gününden eýýäm millionlarça tomaşaçynyň ünsüni çeken bu aýdym Pak Çe Sana bütin dünýäde şöhrat getirdi. Wagtyň geçmegi bilen şekilli aýdyma tomaşa edýän adamlaryň sany artyp 2 milliarddan hem geçýär. Netijede «YouTube» ýaýlymynyň işgärler topary hasabaty ýöretmek üçin täzeçe usul oýlap tapmaly bolýarlar. Maglumatlarda aýdymçy Pak Çe Sandan öň bular ýaly ajaýyp üstünlige ýeten aýdymçynyň ýokdugy barada aýdylýar.

Milli medeniýetimize buýsanç

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň milli medeniýeti dünýä ýaýylýar. Milli medeniýetimiz ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Diliň we edebiýatyň hakyky eýesi halkdyr» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlygy bolan dil we edebiýat medeniýetiň nusgasydyr, gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyza aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy hem milli medeniýetimiziň ösdürilýändigini, dünýä ýaýylýandygyny aýdyň beýan edýär. Medeniýet milli ruhuň aýnasy hökmünde alymlaryň hem ünsüni çekip gelipdir. Ruhy gymmatlyklar bolsa dil we edebiýat bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiziň ösüşine uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet günleri meýilleşdirilýär

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan doganlyk halklar bilen medeni hyzmatdaşlyk babatda özüniň ynsanperwer garaýyşlaryny dünýä mälim edýär. Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda Medeniýet günleriniň yzygider geçirilip durulmagy halklaryň ysnyşykly gatnaşyklaryny has-da berkidýär. Şu ýylyň iýun aýynyň 12 — 14-i aralygynda Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan has ysnyşykly häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýän wakalaryň biridir. Ony Türkmenistanyň Tokiodaky Ilçihanasynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň ýakyndan ýardam bermeginde Ýaponiýanyň medeniýet we beýleki degişli ulgamlary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraýarlar.

Joşgunly ýaňlanan belent owazlar

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşan bagşy-sazandalar, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, türkmen halk aýdymlaryny hem-de halk sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Beýik akyldara belent sarpa

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejeli dabaralara, taryhy wakalara, giň gerimli çärelere beslenýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralardyr çäreler ýurdumyzda we halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar.

Çuwal bagşynyň şägirdi

Çuwal bagşyny özüne gaýybana halypa tutunyp, aýdymlaryny hemra edinýän ussat dessançy bagşy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýewdir. Ol tirme, dessan aýdymlaryny Çuwal bagşynyň ýolundan ussatlarça ýerine ýetirýär. Birnäçe üýşmeleňde, toýlarda maňa Döwletgeldi halypanyň ýanynda gyjakda sazandarlyk etmek nesip etdi. Halypanyň ýanynda ilkinji gezek toýda sazandarlyk edenimde, Döwletgeldi halypa ussat bagşynyň «Algaç» aýdymy bilen toýuň başyny başlap, galaba Çuwal bagşynyň aýdymlaryny aýtdy. Ol dutaryny düzüp, kakuwa başlandan meniň gyjagy düzüşime synçy gözi bilen seretdi. Halypa saza girişende, onuň yzyna düşüp ugradym. Ol meniň gyjakda perde basyşyma ýylgyryp, aýdymyň arasynda ýuwaşlyk bilen: «Berekella!» diýip, aýdymy joşup ýerine ýetirdi.

Gülen barmy?

Magtymguly PYRAGY Eý, ýaranlar, musulmanlar,Aglamaýyn, gülen barmy?Ýalançy-pany dünýäden,Giden gaýdyp gelen barmy?