"Zaman-Türkmenistan"

Esaslandyryjysy: "Zaman-Türkmenistan" Hojalyk jemgyýeti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Gündogar köçesi, 10 A
Telefon belgileri: 28-14-05

Habarlar

Ýangyç-energetika ulgamynda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär. Türkmenistan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Ekologik şertler, pudagyň gazyp alýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmaga, mawy ýangyjyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara we işläp taýýarlamalara daýanýan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak şol strategiýanyň möhüm bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, halkara energetika hyzmatdaşlygy, şol sanda arassa energiýa geçmek milli bähbitleri, taraplaryň özara jogapkärligini nazarda tutmak ýörelgeleri esasynda açyklyk syýasatyny amala aşyrýan döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Tagamlaryň dady

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Şol meseleleriň hatarynda döwlet Baştutanymyz dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin döwrebap önümçilikleri ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany gurmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: — Togsan dürli tagam dursa gaşyňda, Ne lezzet içinde duz hem bolmasa, diýip jaýdar belleýşi ýaly, hakykatdan hem duzsuz tagamyň hiç birisi-de lezzetli bolmaýar. Ilçilikde köpçülik üçin nahar atarylanda aşpeze «Duzuny bir ýetireweri», «Duzy kem bolmasyn» diýip tabşyrylýar. Mal soýlanda eti duzlap goýmak türkmeniň öňden gelýän edähetleriniň biri. Türkmençilikde duza mukaddeslik hökmünde garalýar. Hatda çörek hem köp ýerlerde duz sözi bilen deň ulanylyp gelinýär. Myhmany duz-çörek bilen garşylamak türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň biri.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda 9 aýda ulaglar arkaly söwda dolanyşyk $867,8 milliondan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 867,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 780,6 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 87,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Olýa — Türkmenbaşy deňiz gatnawynyň operatory kesgitleniler

Sebitiň Söwda we senagat ministrliginiň habar bermegine görä, öňdebaryjy ýük daşaýan kompaniýalar gämilerini bu ugurda ulanmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu bolsa geljekde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen ýük akymyny artdyrar. Täze ugruň açylmagy, Astrahan sebitindäki «Lotos» aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegine goldaw bermek üçin gönükdirilendir. Ol ýerde rus bazary üçin niýetlenilen türkmen harytlaryny saklamak we gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär.

10 aýyň jemleri: Durnukly ösüşiň oňyn netijeleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde şu ýylyň 10 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijeler baradaky meselelere seredildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy ýurdumyzda dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň oňyn netijelerinden habar berýär. Şonuň bilen birlikde-de, ol Türkmenistanyň halkara giňişlikde ykdysadyýeti durnukly ösýän ýurt hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýandygyna şaýatlyk edýär. Ykdysadyýet biri-birine bagly pudaklaryňdyr ulgamlaryň jemi hökmünde çykyş edýär. Olaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklaryň üpjün edilmegi bolsa durnukly ýagdaýyň gazanylmagyna itergi berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda dürli ugurlarda kabul edilen konsepsiýalardyr strategiýalar, maksatnamalardyr meýilnamalar, ilkinji nobatda, şol düzümleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ykdysady gurallar we serişdeler arkaly düzgünleşdirilmegine gönükdirilendir. Bu çemeleşme maksatnamalaýyn ösüşiň döredýän artykmaçlyklarynyň biri bolup, onuň oňyn netijeleri durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde aýdyň beýanyny tapýar. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň on aýynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgininiň 11,8 göterim artmagy tutuş ykdysady ulgamyň sazlaşykly hereketiniň netijesidir. Bu görkeziji

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit bitumyny we polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek dokma önümleri, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisi, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy.

Belent sepgitlere ynam bilen

Taryhy wakalara, düýpli ösüş-özgerişlere beslenýän üstümizdäki ýylyň on aýy üstünlikli tamamlandy. Şanly ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri hem yhlasly zähmet çekip, tebigy gazyň öndürilişini barha artdyrýarlar. Olar şu ýylyň geçen on aýynda tebigy gazyň 8 milliard 417,5 million kub metrden gowragyny öndürip, bu baradaky meýilnamany abraý bilen berjaý etdiler. Müdirlik boýunça Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine berlen «mawy ýangyç» bolsa 4 milliard 821 million kub metrden hem gowrak boldy. Munuň özi on aýyň degişli meýilnamasynyň 130 göterimden gowrak berjaý edilendiginden habar berýär. Bu harytlyk önümiň aglaba bölegi bolsa dostana Hytaý döwletiniň sarp edijilerine bökdençsiz ugradylýar. — Baýlyk çykaryjylarymyz tebigy gaz bilen birlikde gaz kondensatynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ugrunda hem ýadawsyz alada edýärler. Şonuň netijesinde bu gymmatly çig malyň bolluk bilen öndürilmegi gazanylýar — diýip, müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow gürrüň berýär.

Çuň gatlaklar ynamly özleşdirilýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleriniň hünärmenleri şu günler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da gaýratly zähmet çekýärler. Tutuş trest boýunça geçen dokuz aýda gazuw işleri tamamlanyp, uglewodorod çig mallaryny çykaryjylara tabşyrylan jemi 20 sany guýynyň 19-synyň ulanyş maksatly guýulardygy hem bu ugurda has belent sepgitlere ynamly gadam urulýandygyndan habar berýär. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilýän ýataklardan «gara altyn» çykarmagyň meýilnamalarynyň artygy bilen berjaý edilmeginde hem burawlaýjylaryň mynasyp paýy bar. Soňky ýyllarda konserniň buraw işlerini alyp barýan müdirlikleri Germaniýada, ABŞ-da, Hytaýda we Russiýada öndürilen iň täze enjamlardyr desgalara eýe boldular. Bu kämil enjamlardyr kuwwatly buraw desgalarynyň 7 müň metre çenli çuňluk geçmäge ukyplydygyny aýratyn nygtamak gerek. Hut şu ýagdaýyň özi miosen gatlaklaryndaky nebitiň täze, çuň ýataklaryny açmaga we özleşdirmek üçin elýeterli gorlaryň möçberlerini ep-esli giňeltmäge ygtybarly esas döredýär. Konserniň düzüminde 1998-nji ýylda döredilen «Nebitgazburawlaýyş» tresti nebit, gaz, ýodbrom hem-de ýörite guýulary gazmak üçin ýöriteleşdirilen kärhanadyr. Trestiň degişli müdirlikleri:

Ulanyş-baha beriş guýusy Çartak gaz käniniň geologik gurluşyny we gaz gorlaryny takyklady

Çartak gaz käni Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Sakar etrabynda ýerleşýär. Ol iri gaz käni bolan Malaý bilen birleşip, demirgazyga uzalyp gidýär. Çartak käni bilen bagly gurluş 1967-1968-nji ýyllarda geçirilen seýsmiki barlag işleriň netijesinde ýüze çykarylýar. Bu belentlikde ilkinji gözleg guýusy 1980-nji ýylda oturdylyp, burawlaýyş işleri başlanýar. Çartak käninden ilkinji gaz akymy 5-nji belgili gözleg guýusyndan alynýar. 1987-nji ýylda Çartak meýdanynda burawlanan 16 sany guýynyň netijeleri boýunça gaz gorlary hasaplanýar we şol wagtky SSSR-iň Gorlar döwlet topary tarapyndan tassyklanýar. Meýdanda goşmaça burawlanan 2 sany gözleg-barlag, 3 sany ulanyş guýularyndan alnan maglumatlar boýunça Malaý we Çartak känleriniň gaz gorlary gaýtadan hasaplanýar. Çartak gurluşy aşaky goteriwiň şatlyk gorizontynyň çökündileri boýunça «kesilip-düşme» görnüşli tektoniki bozulma bilen özbaşdak 3 sany kerçe (Günorta — Günbatar, Demirgazyk — Gündogar we Merkezi) bölünýär. Ol kerçlerdäki gaz ýataklarynyň her biri özbaşdak gaz-suw galtaşmasy bilen çäklendirilen. Kän 2002-nji ýylyň aprel aýynda senagat taýdan ulanyşa goýberilýär.

Nebitgazlylygyň mesgeni

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirligi (NGÇM) Balkanabat şäherinden 210 kilometr daşlykda ýerleşen, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň günorta sebitindäki nebitgaz känlerini — Ekerem, Gündogar Ekerem, Akpatlawuk, Keýmir we Kemer (Günorta Kemer) meýdançalaryny özüne birleşdirýär. Bu önümçilik kärhanasynda hereket edýän guýularyň 182-si bolup, olaryň 153-si nebit önümli we 29-y gaz önümli guýulardyr. nebit önümli guýularyň 28 göterimi çüwdürim we 72 göterimi gazlift usulynda işleýär. Bu müdirligiň çuň ştangaly sorujy usulynda işleýän guýusy ýokdur. Esasan, Keýmir we Akpatlawuk känlerinde gazlift ulgamlarynyň bardygy we Keýmir käninde ýörite gazlift guýulary üçin gaz gysyjy bekediniň gurulmagy bilen baglydyr. Keýmir gazlift gaz gysyjy desgasy 2013-nji ýylda ulanmaga berildi. Desgada, esasan, nebit bilen bile çykýan ugurdaş gaz toplanyp, soňra gazlift guýulary gerek bolan gaz basyşy bilen üpjün edýär. «Keýmir» NGÇM-de şu ýylyň 10 aýynyň jemi boýunça meýilnama ortaça 101 göterim ýerine ýetirildi.

Ulag pudagynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,3 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,3 göterime barabar boldy. Geçen on aýda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 154,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 114,6 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Germaniýadan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, polipropileni hem-de buýan kökünden taýýarlanan çaýlary satyn aldylar. Şeýle-de türkmen telekeçileriniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 257 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).    ahabat ir wagtlardan bäri, halky ýönekeý habarly etmekden başlap, sarp edijini ynandyrmak sungatyna çenli özüniň ösüş ýoluny geçip, adamlaryň özüni alyp barşyna belli bir derejede täsirini ýetirýän gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Hut şu sebäpli-de, psihologiýa, sosiologiýa, ykdysadyýet we beýleki ylymlar tarapyndan mahabatyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna ýetirýän täsiri öwrenilýär.

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Häzirki zaman şertlerinde halkyň sarp edýän harytlarynyň marketinginde sarp edijilik islegini kanagatlandyrmak derejesini hemişe öwrenmek zerur bolup durýar. Ony harytlara bolan teklibiň, islegiň ýagdaýyň üýtgemegine laýyklykda döretmeli. Senagat we söwda guramalarynyň özara baglanyşygyny öwrenmeli, talaba, döwre görä üýtgetmeli, bazaryň ýagdaýyny yzygiderli öwrenmegiň ähmiýetini ýokarlandyrmaly, önümçiligiň derejesini we öndürilen önümleri ýerlemegiň görnüşlerini güýçlendirmeli.

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda esasy çemeleşmeler

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Halkara ulgamlara utgaşmak we hyzmatdaşlygyny giňeltmek:

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Norwegiýa Korollygy

Norwegiýa Korollygy Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy bolup, dünýäde adam ösüşiniň indeksi boýunça öňdäki orny eýeleýän döwlet hökmünde tanalýar. 2024-nji ýyl boýunça adam ösüşiniň indeksinde bu ýurt dünýäde birinji orny eýeleýär. Häzirki wagtda Norwegiýanyň Hökümeti resurslary netijeli we tygşytly ulanmak maksady bilen, sirkulýar ykdysadyýete geçmeklige we ony ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle ähmiýetli işleri durmuşa geçirmek üçin ýurtda «ýaşyl» sirkulýar ykdysadyýetiň Milli strategiýasy kabul edilýär. Milli strategiýanyň gurluşy şu aşakdakylardan ybarat:

Maýanyň hasabyna galkynýan ykdysadyýet

Syýahatçylyk pudagy, ajaýyp aşhanasy, hytaý, hindi, Ýewropa däpleriniň täsirinde ornaşan medeniýeti bilen tanalýan Malaýziýa häzirki wagtda ösen ykdysadyýetli ýurt hökmünde hem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ummanyň içinde ýerleşýän ýurt soňky ýyllarda hyzmatlar pudagynyň, içerki sarp edijileriň hem-de ýerli telekeçileriň hasabyna güýçli ösüşi başdan geçirýär. Muňa 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde hasaba alnan 5,9 göterimlik ykdysady ösüş hem (2024-nji ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 4,2 göterime deň boldy) şaýatlyk edýär. Malaýziýanyň Merkezi bankynyň hünärmenleri ýokary depginli ösüşi daşary ýurt maýa goýumlarynyň köpelmegi, içerki islegiň we eksportyň geriminiň giňemegi bilen düşündirýärler. Ýurduň ykdysadyýeti soňky 4 ýylda ortaça 4,5 göterim (ýyllyk) ösüp, bu babatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 15-nji orunda durýar. Şol bir wagtda, Malaýziýanyň jemi içerki önüminiň hakyky (real) ýyllyk ösüşi 4,8; hümmetsizlenme 2,8; işsizlik derejesi bolsa 3,5 göterime deňdir. Ýurduň Merkezi bankynyň hasabatyna laýyklykda, Malaýziýanyň jemi içerki önüminiň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 1,043 trillion amerikan dollaryna, adam başyna düşýän jemi içerki önüminiň 12 253 amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. Uzakmöhletleýin meýilnamalaryň netijesinde bu görkezijiniň 2025-nji ýylda 12 779, 2026-njy ýylda bolsa 13 342 amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar. «Statista» p

Balyk we deňiz önümleriniň girdejisi şu ýyl 676 milliard amerikan dollaryndan geçer

«Statista»* kompaniýasynyň çaklamasyna görä, 2024-nji ýylda dünýäde balyk we deňiz önümleriniň önümçiliginiň girdejisi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim ýokarlanyp, 676,2 milliard amerikan dollary töweregi bolar. Analitikleriň seljermesine laýyklykda, golaýdaky 5 ýylyň dowamynda balyk we deňiz önümleri bazarynyň ýyllyk ösüşi ortaça 6,54 göterimden ybarat bolar. Bu bazaryň girdejisiniň agramly bölegi Hytaýa degişli bolar (2024-nji ýylda 97 milliard amerikan dollary). Bu görkezijini ilat sanyna böleniňde adam başyna 87,3 amerikan dollaryndan düşýär. Hytaýdan soňra Hindistan, Ýaponiýa, ABŞ we Indoneziýa barýar. 2024-nji ýylda balyk we deňiz önümleriniň satuwy dünýä boýunça adam başyna 4,9 kilogramdan düşer diýlip çak edilýär. 2028-nji ýylda bolsa balyk we deňiz önümleriniň tebigy agramy 42,8 million tonna barar.

Altyn dünýä gaznalarynda barha köpelýär

Oktýabr aýynda dünýäniň iri maýa goýum gaznalarynda gymmaty 4,3 milliard amerikan dollaryna deň 43,3 tonna altyn köpeldi. Bu barada Bütindünýä Altyn Geňeşi habar berýär. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda dünýäniň iri maýa goýum gaznalarynda 285,7 milliard amerikan dollary möçberinde altyn bardyr.

Baffet «Appledäki» paýnamasyny satmagyny dowam edýär

«Berkshire Hathaway» «Apple» kompaniýasyndaky özüne degişli bolan paýnamalaryny satmagyny dowam edýär. Baffetiň kompaniýasy «Appeliň» paýnamalarynyň 13 göterimini birinji çärýekde, 50 göterimini bolsa ikinji çärýekde satypdy. Häzirki wagtda Uorren Baffete «Apple» kompaniýasynyň 300 million paýnamasy degişlidir. Maglumat üçin, «Berkshire Hathaway» kompaniýasynyň pul gory 325 milliard amerikan dollaryna barabardyr.