"Zaman-Türkmenistan"

Esaslandyryjysy: "Zaman-Türkmenistan" Hojalyk jemgyýeti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Gündogar köçesi, 10 A
Telefon belgileri: 28-14-05

Habarlar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş

 15 — 20-nji aprel aralygynda Ýurdumyzyň sport taryhynda özboluşly yz goýjak bu ýaryşa Belarus Respublikasynyň «Wolat», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box Iran Mall», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan», Oman soltanlygynyň «Oman Nationals», Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Türkiýe Respublikasynyň «Team-Türkiye» hem-de Bahreýn Patyşalygynyň «Bahrain Ice Hockey Club» hokkeý klublaryndan toparlar gatnaşýarlar.

Döwlet HYDYROW, Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý toparynyň oýunçysy:

— 15-nji aprelde, Aşgabat şäherinde geçýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ilkinji gününde «Galkan» bilen «Bahrain Ice Hockey Club» ýygyndy toparlarynyň arasynda duşuşyk boldy. Biziň ýygyndy toparymyz 8:1 hasabynda üstün çykdy. Şol oýunda 1 şaýba salmagy başardym. Pursatdan peýdalanyp, biz türgenlere uly mümkinçilikleri döredip berýän sportuň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýygyndymyzyň adyndan, şeýle-de öz adymdan çäksiz sagbolsunymyzy aýdýaryn.

Ýedi oýun — ýedi ýeňiş

Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynda gyzykly duşuşyklar dowam edýär. Geçen ýylyň çempiony — «Arkadag» toparyna bu ýyl hem üstünligini gaýtalamaga mümkinçilik uly görünýär. Ony güýçli toparlara garşy geçirýän oýunlaryndan, gazanýan netijelerinden hem bilmek mümkin. 13-nji aprelde Marynyň «Energetigine» myhman bolan arkadaglylar 7-nji tapgyryň duşuşygyny 7 jogapsyz gol bilen jemlediler. Oýunda D.Durdyýew bilen Ş.Tirkişow iki gezek, I.Tamurkin, W.Ballakow, A.Annadurdyýew dagy bolsa bir gezekden tapawutlandylar. Yzygiderli ýeňişleri bilen utuk sanawyndaky ornuny berkidýän «Arkadag» çempionlyk ugrundaky göreşde ynamly ilerleýär. Çempionatda köp tapawutlanan oýunçylaryň sanawynda-da bu topara wekilçilik edýän futbolçylar agdyklyk edýärler.

Myhmanlara söz berýäris:

Kumail HASSAN,Oman Patyşalygy, emin agzasy:

Halkara hokkeý ýaryşy

Türkmen paýtagtynda barha giň gerime eýe bolýar Dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň nazary şu günler ýene-de türkmen paýtagtynda. Ak şäherimiz Aşgabatda nobatdaky sport baýramçylygy — hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirilýär. Eýýäm üç güni yzda galan ýaryşda güýçlüler öňe saýlanyp, medallaryň esasy dalaşgärlerine öwrülýär. Ýöne bu ýaryşda dostlugyň, gözelligiň we tejribe alyşmagyň güýji gazanylýan ýeňişlerden has rüstem gelýär.

Türkmenistanda hokkeý «Galkan» bilen galkynýar

Mälim bolşy ýaly, 15-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berildi. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Bu ýylda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi hem ýurdumyzyň sport abraýyny has-da şöhratlandyrýar. Häzirki halkara sport ýaryşyna 10 döwletiň hokkeý toparlary gatnaşýar.

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelentligi we sagdynlygy özlerine hemra edinen Watan goragçylary bu günki gün ýurdumyzda guralýan sport çärelerine ýokary işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Ýaňy-ýakynda 2024-nji ýylyň esasy çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, maýor Muhammet Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminde guralan sport bäsleşikleri ruhubelentlige beslendi. Sportuň şaşka, düzzüm, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tanap çekmek, 16 kilogram agramlyk daşy götermek we ýeňil atletika görnüşleri boýunça toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. Harby türgenler çalasyn we ynamly hereketleri bilen, öz ezberliklerini görkezdiler. Munuň özi harby gullukçylaryň diňe bir beden taýdan berkemegine däl-de, eýsem, öz erk-isleglerini pugtalandyrmagyna, islendik çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmek bilen, erjel we tutanýerli bolmagyna ýardam berdi. Şeýle hem harby gullukçylar bilen sport maşklarynyň saglyga peýdasy, dogry iýmitlenmek, ynsan saglygynyň girewi bolan arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi, wagtynda ukyňy almak, gündelik durmuşda gün tertibinden sporta, bedenterbiýe maşklaryna orun bermek, zyýanly endiklerden daşda durmak boýunça lukmançylyk gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşyklary we serkerdeleriň arasynda ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanýan welosipedli ýörişler guramaçylykly amala aşyryldy. Sagdyn durmuş ýörelgelerine

Harby talyplaryň täze üstünlikleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär. Şanly ýylda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport — sportda innowasiýalar» atly sportuň fijital-karatedo görnüşi boýunça bäsleşik guraldy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary hem dürli agramlarda çykyş edip, olardan Abdylla Nurgylyjow, Arslan Babanazarow, Myrat Saryýew, Annanur Tagansähedow, Eziz Ýaýlymow dagy baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Bilim ministrligi we Karatedo federasiýasy tarapyndan Hormat hatlary, medallar we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ykbalyny sporta baglan

Dürli pudaklarda ak ýürekden, yhlasly hem-de netijeli zähmet çekýän adamlar hakynda söhbet etmek örän ýakymly. Il içinde arzylanylýan şeýle ynsanlaryň biri-de Saýat etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Eset Annakylyçowdyr. Oňa kärdeşleri uly hormat bilen «halypa» diýip ýüzlenýärler. Munuň özi ýöne ýerden däl. Eset mugallym manyly ömrüni ýaş nesle bilim, terbiýe bermäge we olary berk bedenli, sporty söýýän, bäsleşiklerde şowly çykyş etmegi başarýan türgenleri ýetişdirmäge bagyşlaýar.

Sagdyn jemgyýet — berkararlygyň berk binýady

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri barha rowaçlanýar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak, sporty ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Döwletimizde bu ugurda durmuşa geçirilýän işler milletiň saglygynyň berkidilmegine, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil adamlar bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Ruhubelentligiň, sagdynlygyň, sportuň mekany bolan Diýarymyzyň ähli sebitlerinde hereket edýän häzirki zaman sport desgalarynda sport bilen meşgullanmaga, netijeli türgenleşikleri, ýaryşlary geçirmäge döwrebap şertlerdir mümkinçilikleriň bolmagy guwandyryjydyr. Munuň özi türgenlerimize sportda barha taplanmaga we ussatlyklaryny artdyrmaga ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

«Nebitçiniň» myhmançylykdaky ýeňşi

Futbol Balkanabadyň «Nebitçisi» milli futbol çempionatymyzyň 7-nji tapgyrynda paýtagtymyzda «Aşgabat» topary bilen duşuyp, möwsümdäki ikinji ýeňşini gazanmagy başardy. Bu oýunda hasaby 25-nji minutda balkanabatly Arslangylyç Nazgylyjow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirmek bilen açdy. Hojanazar Gurbanowyň 60-njy minutdaky netijeli urgusyndan soň hasap deňleşdi. «Nebitçä» ýeňiş getiren pökgini hem duşuşykda hasaby açan futbolçy 80-nji minutda öz adyna ýazdyrmagyň hötdesinden geldi.

Okuwçy ýaşlarymyz şowly çykyş edýärler

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII sport ýaryşlarynyň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş edýärler. Merjen paýtagtymyzda kiçi futbol görnüşi boýunça geçirilen jemleýji ýaryşda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen ýaş futbolçylar bilen duşuşyklaryň birnäçesini geçiren welaýatymyzyň topary şowly çykyş etdi. Welaýatymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylaryndan düzülen futbol topary duşuşyklaryň netijesinde baýrakly üçünji orny eýeledi. Welaýatymyzyň ýaş küştçüleri hem netijeli oýun görkezdiler. Akyl-paýhas oýnunyň netijesinde welaýatymyzyň mekdep okuwçylary toparlaýyn ikinji orna mynasyp boldular. Ýaş türgenlerimizi ýaryşa taýýarlamakda “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň uly tagalla edendigini bellemelidiris.

Ýaş küştçüler ussatlygyny görkezdi

Kaka etrabyndaky 21-nji orta mekdepde etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň aprel aýynyň dowamyndaky iş meýilnamalary esasynda küşt boýunça ýaryş geçirildi. Oňa etrapdaky mekdeplerden okuwçy ýaşlar gatnaşyp, ussatlygyny görkezdiler. Berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek, ýaş nesliň sporta höwesini we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, ýaş küştçüleri höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşyň netijesinde ökdeler öňe saýlandy. Şeýlelikde, birinji orna 14-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Dawut Annaýew, ikinji orna 16-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Söýenç Ýazlakow, üçünji orna 21-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Guwanç Myradow mynasyp boldy. Ýeňijilere ýörite baýraklar gowşuryldy.

Woleýbolçy zenanlar ýaryşdy

Bäherden etrabynyň Akdepe obasyndaky 31-nji orta mekdepde woleýbol ýaryşy geçirildi. Etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, etrap bilim bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden gelin-gyzlardan düzülen toparlar gatnaşdy. Woleýbol ýaryşynyň netijesinde etrapdaky 30-njy orta mekdebiň topary birinji, 1-nji orta mekdebiň topary ikinji, 8-nji orta mekdebiň topary üçinji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Pälwanlarymyzyň üstünligi

Ýakynda türkmen milli göreşi we alyş göreşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda welaýatymyzyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Bu çempionatda pälwanlarymyzdan Ylýas Rahmanow 62 kilogram agram derejesinde, Selim Nurberdiýew 68 kilogram agram derejesinde, Mekan Nurberdiýew 70 kilogram agram derejesinde, Sylapberdi Nuryýew 80 kilogram agram derejesinde, Gurbangeldi Gurbangeldiýew 82 kilogram agram derejesinde, Annagurban Allaberdiýew 90 kilogram agram derejesinde, Nurmuhammet Baýdogdyýew we Pälwan Gurbangeldiýew 100 kilogram agram derejesinde çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Pälwanlaryň bu üstünligi ýurdumyzda sporta berilýän üns-aladalaryň, türgenler üçin döredilýän giň şertleriň aýdyň netijesidir. Türkmen sportunyň ösmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Küşt ýaryşynyň ýeňijileri

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky sportuň görnüşleri boýunça “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşlary dowam edýär. Bu sport ýaryşlarynyň maksady welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ilatynyň arasynda bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmekden we giňden ornaşdyrmakdan, sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Gürrüňi edilýän sport ýaryşlarynyň çägindäki küşt boýunça geçirilen jemleýji duşuşyklaryň netijesinde welaýatymyzyň topary ikinji orny eýeledi. Birinji orna Aşgabat şäheriniň, üçünji orna bolsa Lebap welaýatynyň toparlary mynasyp boldy.

Andreý MAKAROW: — «Galkan» bilen çempion bolmak isleýärin

Andreý Sergeýewiç Makarow Russiýa Federassiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde doglan 60 ýaşly hokkeý hünärmeni, ozalky hokkeýçi, häzirki tälimçi. Onuň sport ýoly Kazanyň dünýä meşhur «Ak Bars», Sankt-Peterburgyň «SKA», «Zwezda», «Tan», Nižnekamsk şäheriniň «Neftehimik», Şwesiýanyň «Troýa-Ýungbo» we «Antýarn» toparlary bilen bagly. 2000-nji ýylda tälimçilige başlan Andreý Sergeýewiç 16 ýyllap «Ak Bars» toparynyň hokkeý mekdebinde işledi. Şondan soň Kazanyň «Bars» we «Irbis» toparlaryna tälim berdi.

Aşgabat hokkeý muşdaklaryny garşylady

Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösen sport ýurdy hökmünde tanalýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen, olimpiýa hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek meselesine uly üns berilýär. 15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş hem diňe bir iri sport çäresi bolman, eýsem hokkeý muşdaklary üçin hakyky baýramçylyk bolar. Bu ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi, guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Bu ýaryş üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan 200 meýletinçiniň taýýarlanylmagy ýaşlaryň halkara çärlerine işjeň, höwesjeň gatnaşýandyklarynyň görkezijisidir. Ýaryşa 10 döwletden 10 topar gatnaşyp, ähli duşuşyklar Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Halkara ýaryşa ýurdumyzdan «Galkan» hokkeý topary wekilçilik edýär. Bu topar Türkmenistanyň sekiz gezek çempionydyr. «Galkan» hokkeý topary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagynda 2013-nji ýylda döredilip, ilkinji üstünliklerini eýýäm şol ýyl gazanyp başlady. Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzüminiň agramly bölegini «Galkan» hokkeý toparynyň wekilleri emele getirýär. Ýaryşa ga

Sport — sagdynlygyň girewi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýurt we dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi has-da guwandyrýar. Bu ugurdaky tagallalar türgenlerimizi beýik üstünliklere ruhlandyryp, olara halkara derejelerdäki ýaryşlarda şowly çykyş etmäge we ata Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belende galdyrmaga hyjuw berýär. Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp sylaglanmagy buýsançly wakalaryň biri bolup, ildeşlerimizde gyzgyn goldaw tapdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu mynasybetli ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Gutlagynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz diňe bir iri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, bu ýaryşlary geçirmäge-de mümkinçiligi bolan döwlet hasaplanýar. Geçen döwrüň içinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde köp sanly iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülendigine şaýatlyk etdi. Ginnesiň rekordlar kitabynda iki sany desgasy orun alan Olimpiýa şäherçesinde dürli desgalaryň 40-dan gowragy gurlup, olarda türkmen türgenleriniň türgenleşmekleri üçin hemme zerur şertler döredildi.

Aşgabatda sport baýramçylygy

Parahatçylygyň, dost-doganlygyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan asylly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bina edilen 10 müň tomaşaçy orunlyk Gyşky oýunlar sport toplumynda 15 — 20-nji aprel aralygynda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ýiti bäsdeşlik bilen, ýokary ruhubelentlige beslenmegi Watanymyzyň halkara sport abraýyny artdyrýar. Myhmanlaryň garşy alnyşy we ýokary derejede geçirilen açylyş dabarasy Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlary guramakda toplan baý tejribesini görkezýär.