Ýeňişleriň hemde şöhratly ösüşleriň mekanynda

11 Mart 2021
1714

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ähli durmuş düzümlerini sazlaşykly ösdürýän beýik başlangyçlary we durmuşa geçirýän işleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her gününi şanly wakalara, uly üstünlikleriň baýramyna besleýär.

Şu ýylyň 10njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara hem bu babatdaky aýdyň beýandyr. Türkmen türgeniniň dünýäde gazanan uly üstünligi mynasybetli guralan bu dabara hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna hemde paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramyna bagyşlanan möhüm wakalary mynasyp mazmun bilen bezedi. Munuň özi Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň täze Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Bu barada dünýäniň habar beriş serişdelerindede öwranöwran nygtalýar.

«Adalat».