Ili türkmen, ady Ýulduz

10 Mart 2021
1665

Her bir ynsanyň ömründe gaýtalanmaýan pursatlar bolýar. Är ömrüni ýaşanyňda agtyk-çowluklaryňy daşyňa üýşürip, döretmek, gurmak üçin gysga, garaşmak üçin uzyn görünýän ömrüň dowamynda şaýat bolan buýsançly wakalaryňdan söz açyp, boý boýlarsyň. Dädem Gorkutdan miras galan bu däbi dowam edip, ömürboýy ýüregiňde göterip gezen, her gezek ýatlanyňda ýylysy diňe kalbyňa däl, eýsem, bütin süňňüňe ornap gidýän ýatlamalaryňy nesliň-neberäň bilen paýlaşarsyň. Olaryň bu ýörelgäni dowam etdirerini bolsa halys ýüregiňden islärsiň. Biziň şu günki bütin il bolup buýsanýan türgen gyzymyz ýaňy iki onlugy egninden aşyran günleri ähli türkmen nesline buýsanmaga esas boljak işiň hötdesinden geldi.

Türkmen halkynda hötdesinden gelmesi agyr iş amal edilse, «Är işini bitirdi» diýilmesi bardyr. Müçesiniň kiçidigi üçin daşyndan göräýmäge agyr atletikaçydyr öýtdürmeýän bu gyz türkmen halkynyň şanly-şöhratly taryhynyň gatynda orun alan edermen zenanlarymyzyň görüm-göreldesine eýerip, dünýä çempionatynda «Är işini bitirdi». Şol wakanyň dabarasy bolsa dumly-duşa at saldy. Sanly tehnologiýalaryň parlap-pajarlap ösýän zamanasynda bu hoş habar, ýagny türkmen gyzynyň dünýä çempiony bolandygynyň «buşlugy» ilki elektron neşirlerde ýerleşdirildi, soňra habar beriş serişdeleriniň sahypalaryndan orun aldy.

Hojaberdi APBAÝEW,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň baş redaktory.