Maldarçylykda täze tehnologiýalar

23 Fewral 2021
1655

Hormatly Prezidentimiziň mallary hususy eýeçilige bermek işlerini çaltlandyrmak, döwrebap maldarçylyk toplumlaryny gurup işe girizmek, mallaryň tohumçylyk-seçgi işlerinde täze usullary ulanmak arkaly olaryň önümliligini ýokarlandyrmak, öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we ulanyjylara bermegi düzgünleşdirmek, mallaryň ot-iým üpjünçiligini gowulandyrmak, weterinariýa işlerini güýçlendirmek babatda edýän tagallalary oňyn häsiýete eýe bolýar.

Maldarçylykda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzda bu pudagy has güýçli depginler bilen ösdürmekde, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmekde, daşary ýurtlardan getirilýän mallaryň genofonduny ulanmakda özüniň oňyn netijelerini berer hem-de ekologiki taýdan arassa süýt-et önümleri bilen üpjün eder. Häzirki döwürde täze gurlan maldarçylyk toplumlarynda maldarçylygy senagat esasynda alyp barmagyň tehnologiýasy işlenilip düzülýär hem-de giňden ornaşdyrylýar.

Çary HANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.