Uly ýeňişleriň başlangyjy

22 Fewral 2021
1746

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýip nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu maksada ýetildi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen saglygy goraýyş we sport desgalaryny, olarda yzygiderli geçirilýän dürli ýaryşlary, jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynda medeni-sport çäreleriniň guralmagynyň asylly däbe öwrülmegini munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar. Sport bilen meşgullanmaklygy gündelik durmuş endiklerine öwren, sporty hemişelik hemra edinýän ýaşlaryň barha köpelmegi bolsa, her birimizi aýratyn guwandyrýan ýagdaýdyr. Ine, şu ýazgymyzda hem biz şolaryň biri dogrusynda söhbet etmekçi.

Häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherindäki 1-nji sport mekdebinde tälimçi Ramil Rejepowyň halypalyk edýän gurnagynda erkin göreş boýunça türgenleşýän Didar Annaýew sportuň bu görnüşi bilen entek orta mekdebiň işigindenem ätlemänkä — ýaňy bäş ýaşyndaka meşgullanyp ugraýar. Sporta bolan çagalyk höwesi hem söýgüsi günbe--günden güýjän ýaşajyk türgen tälimçisiniň her bir tabşyrygyny ýerine ýetirmäge yhlas bilen ýapyşýar. Sport mekdebinde geçirilýän türgenleşiklerde, ýaryşlarda tapawutlanmagy netijesinde ilki şäher, soňra welaýat, ýurt derejesindäki ýaryşlarda ukyp-başarnygyny görkezmäge hukuk gazanýar.