3 müň tonnalyk sowadyjy ammar

21 Fewral 2021
1581

Ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ter gök-bakja önümleri, miweler bilen üpjün etmek ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalar, ýöriteleşdirilen ammarlar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň biri-de, biziň welaýatymyzdaky «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň gök-bakja, miwe önümlerini kabul etmäge we saklamaga niýetlenen ammarydyr. Umumy göwrümi 3 müň tonna barabar bolan bu ammar 2016-njy ýylda işe girizildi. Bu ýerde her möwsüme laýyklykda, öňde goýlan wezipeler berjaý edilip, zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Daýhan hojalyklar, kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşyldy, olardan dürli gök önümleri we miweler satyn alnyp, ammarda ýerleşdirildi. Döwrebap, kämil enjamlar ornaşdyrylan bu ammarda önümi kabul etmek, saklamak we bellenilen ýerlere ugratmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Kärhanada 10-a golaý ýük awtoulagy önümleri getirmäge we bellenilen ýere eltip bermäge hyzmat edýär.

Daşoguz «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigi geçen ýyl daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň ençemesi bilen, şeýle-de aýry-aýry kärendeçi ýer eýeleri bilen özara şertnama baglaşyp, olaryň ýetişdiren önümlerinden birnäçe tonna ýeralmany, sogany, käşiri, kelemi, pomidory, almany, üzümi şeýle hem dürli görnüşli bakja önümleriniň 232 tonnasyny satyn aldy. Satyn alnan önümleriň hasaplaşyklary öz wagtynda doly geçirildi.

Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.