Obasenagat toplumynyň ösüşine goşant

1 Fewral 2021
1582

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny döwrebap derejede ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Ekerançylyk ýerlerinden bol hasyl alynmagy üçin suwaryş suwy zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň suw serişdelerini aýawly we netijeli peýdalanmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak işleri giňden durmuşa geçirilýär. Bugdaý we gowaça meýdanlaryny emeli ýagyş ýagdyrmak arkaly we damjalaýyn suwarmak usullary önümçilige ornaşdyrylýar, bu bolsa suwy tygşytly peýdalanmakda özüniň ýokary netijesini berýär. Bu möhüm işleri göwnejaý ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda köp sanly desgalardyr howdanlar, suw göterijiler, paýlaýjylar gurulýar. Şeýle hem dünýäniň iň uly çölleriniň biri hasaplanýan Garagumda ägirt uly gidrotehniki desga öwrülen «Altyn asyr» Türkmen köli döredildi. Bu kölüň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalygynyň ekerançylyk we maldarçylyk pudaklaryny ösdürmekde, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, halkyň ýaşaýyş hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde ähmiýeti örän uludyr.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygyna we onuň ähmiýetine dünýä ýurtlarynyň gyzyklanmasy artýar. 2010-njy ýylyň 24-nji martynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti» atly halkara maslahatda munuň şeýledigi äşgär boldy. Oňa dünýäniň 16 ýurdundan alymlardyr bilermenleriň 180-den gowragy gatnaşyp, bu ulgamda ýer ýüzünde gazanylan ylmy başlangyçlary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak maslahatyň esasy meselesi boldy.

«Daşoguz habarlary».