Maldarlaryň gyş aladalary

27 Ýanwar 2021
1483

Mallar dok gyşladylýar

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň bu ugurdan baý iş tejribeli adamlary Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mallary talaba laýyk gyşladýarlar. Olar öz wagtynda taýýarlanylan 38 müň tonna ätiýaçlyk otdan netijeli we tygşytly peýdalanýarlar. Dowarlaryň gyşladylýan ýerlerinde ýerleşdirilen ot mallaryň dok gyşladylmagyna uly goldaw bolýar. Bu babatda aýratyn hem Serhetabat, Tagtabazar, Sakarçäge, Wekilbazar “Maldar” maldarçylyk hojalyklarynda görelde alarlykly işler durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzyň maldarlarynyň jogapkärli döwürdäki alyp barýan işleri örän abraýly. Olaryň dowardarlary we beýleki mallarynyň zähmetsöýer eýeleri howanyň amatly günlerinde ýaýlalarda sürüleri aga-ýana bakýarlar. Munuň şeýledigine aýratyn hem düýedarçylyga ýöriteleşdirilen Sakarçäge “Maldar” maldarçylyk hojalygynda oňat göz ýetirilýär.