Galkynýan pudak

19 Ýanwar 2021
1617

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny dünýä ylmynyň gazananlaryna daýanyp ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň öňe süren agrar syýasatynyň düýp özeni bolmak bilen, ol milli ykdysadyýeti köpugurly ösdürmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen bu şygarynyň gözbaşynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döredijilikli we netijeli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmek ugrundaky aladalary durandyr. Muňa oňat düşünýän Gökdepe etrabynyň bagtyýar ilaty we zähmetkeşleri Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky tagallalaryna goşandyny goşýarlar. Oba zähmetkeşleri ähli ugurlarda ajaýyp zähmet üstünligine eýe bolýarlar. Olar galla, «ak altyn» taýýarlamakda, gök-bakja ekinlerini ýetişdirmekde zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler, ýüpekçilikdir maldarçylykda hem uly görkezijilere eýe bolýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda oba hojalygynyň ylmy esasynda ösdürilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!

Altyn NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň buhgalteri.