Müňe ýetdi — ýüňi ýetdi

19 Ýanwar 2021
2361

Jöwzaly tomsuň ortaky aýynda ene süýdüni emmek ýaş mallara ýokumsyz, hälimi-şindi emdirmek bolsa ene goýun üçin ýakymsyz. Guzy otugýar, ene goýun daýanýar. Biriň iki boldy. Öňüňdäki goýun sürüsi iki esse artdy. Düýnki guzular bu gün tokly çykýar. Ýaş tokly sürüsi döreýär. Iş kynçylyklaryny süýji aladalar bilen ýülmemeli, tutanýerlilik gerek. Ýaz şemaly ýaly ýakymly aladalaryň çözgüdine çörňeşen ataly-ogluň bu gezekki maslahaty maňyzlydy.

— Tokly sürüsine işine ezber çopan, ýumşa ýüwrük, tabşyryga tabyn, buýruga çulum çoluk tapmaly. Ondan ötri bir teklibim bar. Ýoda ýekäniňki, ýol köpüňki. Eždatlarymyzda çopan bolan birlän-ikilän bar. Özüm ýodany ýola öwürdim. Köplük bolup goýun bakdyk. Gerşini Hydyr sypalan janawarlaryň yzyna düşüp, döwlet tapdyk, şägirt ýetişdirdim. Senem şolaryň biri. Ýerden garyş boýy galalyň bäri ýanymda. Çarwaçylygy bilýäň. Çopançylygyň ody bilen girdiň, küli bilen çykdyň.

Derýa AŞYR,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.