Göktereň

17 Ýanwar 2021
2010

Biziň bu mukaddes topragymyzda yhlas etseň, bitmeýän ekin ýok. Göktereňi (halk arasynda terkädi ýa-da kaboçok hem diýilýär) göwnejaý taýýarlanan, dersi, suwy ýetirilen toprakda ekip, ýokary hasyl alyp bolýar.

Göktereň gaty gabyklylar görnüşine degişli bolup, onuň gowy bişenleri mal iými üçin we tohumçylykda ulanylýar. Boýy ýeten ýaşajyklary bagryň işjeňligini sazlaýar. Tohumyndaky 50 göterime çenli bolan ýag we santonin maddasy adam içegesindäki gurçuklary we onuň tohumlaryny ýok edýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Agajan MUHYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň müdiri.