Halal zähmetiň höziri

14 Ýanwar 2021
2213

Gözellik öz-özünden döränok. Ol gözellige teşne adamlaryň yhlasly, irginsiz zähmeti bilen döreýär. Babadaýhan etrabynyň Hasyl obasynyň ýaşaýjysy Annaoraz Berdiýew hem gözellik döredýän adamlaryň biri. Tüweleme, onuň mellek ýerindäki baglary göreniňde göwnüň göterilýär. Howlynyň içine saýaly daragtlar bezeg berse, mellegi dürli görnüşli miweli baglar tutup otyr. Olaryň arasynda üzüm, alma, aýwa, armyt, injir, nar ýaly miweli baglaryň ýüzden gowrak düýbi bar. Onuň bilen ýakyndan söhbetdeş bolanymyzda, ol ýetişdiren baglary barada täsirli gürrüň berdi:

—Miweli we saýaly baglaryň gadyryny bilen adama olaryň miwesi-de, saýasy-da saglyk üçin tenekar, melhem bolup durýar. Kakama Sapar Berdiýew diýerdiler, ol uruş weteranydy. Bütin ömrüne diýen ýaly daýhan birleşigimizde sürüji bolup işledi. Işden ýadap gelendigine garamazdan, eline pilini, üzüm gaýçysyny alyp mellege girerdi. «Şu baglaryň içine girsem, ýadawlygymdan nam-nyşan galanok, birhili ýigdelen ýaly bolaýýan!» diýerdi. Bizi hem öz ýanyndan aýyrmazdy. Ol öwretmekden hiç ýaltanmazdy.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
Babadaýhan etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.