Ylymly nesiller — döwletimiziň altyn geljegi

13 Ýanwar 2021
2102

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylym-bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda türkmen ýaşlaryny watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemek hem-de kämil hünärmenler edip ýetişdirmek babatda durmuşa geçirilýän täze başlangyçlar aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen ýaşlary — Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi. Ýaşlaryň ruhy we beden sagdynlygy, hünär taýýarlygynyň kämilligi, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi beriji güýçdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle uly orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly kepillendirýär. Olaryň hukuklaryny üpjün etmek babatdaky zerur şertleriň döredilmegi ýörite kanunlarda we maksatnamalarda öz beýanyny tapýar.

Atanur KLYŞOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.